Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde uly dabara bilen ýurdumyzda meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilikli konsertleri, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy şahyrlarynyň taryhy wakalary mynasybetli dabaralar şeýle hem wagyz nesihat çäreleri ýygy-ýygydan geçirilip durýar. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Lebap welaýatynda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usulyýet we terbiýeçilik işlerini talabalaýyk ýöretmek boýunça okuw-usuly seminar geçirildi.
Bu okuw-usuly seminaryna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, “Türkmenhimiýa” Döwlet konseriniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Okuw-usuly seminarynyň dowamynda mugallymlar degişli temalar boýunça çykyş edip, orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen öz aralarynda seminara degişli temalar boýunça pikir alyşdylar.
Däp bolşy ýaly okuw-usuly seminaryny Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory S.Hakkyýew açyp, ösüp gelýan ýaş zehinlere berilýän ylym-bilimiň many mazmunynyň ýokary derejede, halkara talaplaryna laýyk gelmekleri, bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada durmuşa geçirilýän atalyk aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdy.
Soňra Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kitaphana müdiri U.Akyýewa Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden döran “Magtymguly-dünýäniň akydary” atly kitabynyň many-mazmuny bilen tanyşdyrdy. Türkmen halkynyň durmyşynda akyldar şahyryň tutýan orny, döredijiliginiň ylmy esasda giňişleýin öwrenilişi barada gürrüň berdi.
Soňra mekdebimiziň Halypa mugallymy T. Joraýewa “Tejribe sapagyny okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek” atly temasy bilen çykyş etdi. Tejribe sapagyny okatmagyň usulyýetini has hem kämilleşdirmek, ýaşlary öz saýlap alan hünärlerine höweslendirmek, ukyply ýaşlary kemala getirmek barada giňişleýin düşündirdi. Bu tema bilen baglanyşykly gozgalýan meseleleri esasynda birnäçe gyzykly maslahatlary, maglumatlary aýdyp berdi. Halypa mugallymyň çykyşy okuw-usuly seminaryna gatnaşyjylar üçin diýseň täsirli boldy.
Soňra “Fortepiano” bölüminiň mugallymy A.Gaipowa “Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly iş meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamagy. Iş meýilnamasy boýunça hasabatlar her aýyň 28-ne çenli Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölümine berilmegini üpjün etmegi ” atly tema boýunça çykyş etdi. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilýän birnäçe wagyz-nesihat çäreleri: ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini, sanly tehnologiýa ulgamyndan peýdalanmaklyk, millilik, ýol-hereketiniň düzgünleri, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmeklik barada birnäçe işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Soňra Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy O.Jumageldiýewa “Zehinli ýaşlary ýüze cykarmakda we olara jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy üçin şertleri döretmek hakynda” TBM BUÝRUK N 49 atly temada çykyş edip seminara gatnaşyjylary bu buýruk bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň bilim ulgamyny dünýäniň ýüzüne çykarmak, ösüp gelýän ýaş zehinlerimiziň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňemegi üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler barada giňişleýin aýdyp berdi.
Biz ýaşlar üçin şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.