Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, professional hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmak we ýaş zehinleri ýüze çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu belent maksatlardan ugur alyp, Lebap welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda özara tejribe alyşmak we usulyýet çärelerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde okuw-usuly maslahat guraldy.
Maslahata öňdebaryjy orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, usulçylary, tejribeli mugallymlary gatnaşyp, bilim berilmeginiň hem-de okuw işleriniň guralmagynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw-usuly maslahatyň açylyşynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory S.Ö.Hakkyýew giriş sözi bilen çykyş edip, orta hünär biliminiň we sungat mekdepleriniň häzirki döwürdäki ornuna, şeýle hem mugallymlaryň öňünde duran wezipelere aýratyn ünsi çekdi.
Maslahatyň esasy meseleleriniň biri hökmünde orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň arasyndaky integrasiýa seredildi we sazlaşykly hyzmatdaşlyk seljerildi. Mekdebiň mugallymy B.A.Akmyradow öz çykyşynda degişli kadalaşdyryjy resminamalara, hususan-da 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky №77 buýrugyna esaslanyp, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň usuly esaslary barada giňişleýin durup geçdi. Bu hyzmatdaşlyk okuw maksatnamalarynyň üznüksizligini üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar.

Maslahatyň dowamynda ýaş nesliň jemgyýetdäki ornuny berkitmek we olaryň döredijilik ukyplaryny doly ýüze çykarmak meseleleri hem giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy O.S. Jumageldiýewa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň (TBM) 2023-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky №49 buýrugyna esaslanyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy üçin amatly şertleri döretmek barada çykyş etdi.

Mekdebiň “Nakgaşçylyk” bölüminiň müdiri M.E.Baltaýew mugallym we talyp arasyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan häzirki zaman pedagogik we psihologik meseleleriň amaly hem-de netijeli çözgütlerini birnäçe durmuşy mysallaryň üsti bilen görkezdi.
Maslahatda aýratyn orun hünär biliminde bahalandyrmanyň we gözegçiligiň täzeçil usullaryna berildi. Mekdebiň “Fortepiano” bölüminiň müdiri L.Ş.Haidowa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky № 60 buýruk esasynda jemgyýetçilik başlangyçlary arkaly garaşsyz toparlary döretmek, hasap-synaglaryň hakyky obýektiwligini barlamak baradaky tejribeleri paýlaşdy.
Munuň bilen birlikde, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy H.Döwranowa 2023-nji ýylyň 5-nji aprelindäki №146-njy buýruk esasynda orta hünär okuw mekdebiniň okuw işleriniň hiliniň ölçeglerini we gözegçiliklerini hasaplamagyň usulyýetini tassyklamak baradaky möhüm wezipeleri beýan etdi.
Bu täzeçil çemeleşmeler bilim edaralarynda berilýän bilimiň döwrebap standartlara laýyk gelmegine ýardam edýär. Geçirilen okuw-usuly maslahat Lebap welaýatynyň hünär we sungat mekdepleriniň mugallymlary üçin diňe bir tejribe çeşmesi bolman, eýsem, geljekde okuw-terbiýeçilik işlerini täze hile götermekde anyk wezipeleri kesgitleýän netijeli çäre boldy.
Okuw-usuly maslahatda kabul edilen çözgütler we hödürlenen usulyýetler ýaş hünärmenleriň professional taýýarlygyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Merdan HAKIMOW,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy.




