BIZE YAZYARLAR

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Moris Raweliň 150-ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp konsert geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli medeniýetimizde we saz sungatymyzda belent sepgitler, üstünlikler gazanylýar. Aýdym-saz sungatymyzyň kämilleşmegi biz medeniýet we sungat işgärleri üçin uly buýsanç, uly bagtdyr.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde saz agşamlary, konsertler, okuw-usuly seminarlary ýygy-ýygydan geçirilýär. Ýakynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýörite “Fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy Wladimir Mkrtumow Moris Raweliň 150-ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlan ajaýyp konsertini geçirdi. Ussat sazandanyň ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde çykyş etmegi, dabaraly konsertleri, saz söýüjileri bilen duşuşyklary gurnamagy däbe öwrüldi.
Ajaýyp konsert dabarasy Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetirmeginde Moris Raweliň “Павана на смерть Инфанты” atly pýesasy bilen açyldy. Bu eser konsert maksatnamasynyň ilkinji eseridigine garamazdan, diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazandy. Soňra ussat sazanda M.Raweliň “Благородные и сентиментальные вальсы” atly wals toplumyndan üç sany wals eserlerini ýerine ýetirdi. Bu eser kompozitoryň beýleki eserlerinden ýagtylygy we wals (tans) häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. Wladimir Mkrtumow bu eserleriň hyjuwlylygyny, joşgunlylygyny diňleýjilere ussatlarça ýetirdi. Konsert maksatnamasynda ýaňlanan bu eser şeýle-de kompozitoryň döredijiliginiň baý öwüşginleri dabaranyň ähmiýetini has-da
artdyrdy.
“Ночной Гаспар ” bu täsin galdyryjy eser Raweliň fortepiano üçin ýazylan eserleriniň iň bir täze nusgasy bolup, öwüşginliligi we wirtuozlylygy bilen tapawutlanýar. Ussat sazanda Wladimir Mkrtumow hem diňleýjilere eseriň häsiýetini bermegi başardy. “Ундина” atly pýesasynda sazanda eserde görkezilen her bir notalary, suw damjalaryny, sazyň inçeliklerini açyk we aýdyň görkezdi. Bu ýerine ýetirilen eser konsert dabarasynyň iň duýgulandyryjy bölegi boldy. Diňleýjileri sazyň jadyly owazy astynda tolgundyryjy we duýgulandyryjy pursatlar
gurşap aldy.


Konsert dabarasy M.Raweliň fortepiano üçin döredilen №1 “G-dur” konsert eseri bilen jemlendi. Ussat sazanda Wladimir Mkrtumow bu eseri Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano ” bölüminiň mugallymy Dilaram Awanesowa bilen bilelikde ýerine ýetirdi. Bu ajaýyp konsert eseriniň bilelikde ýerine ýetirilmegi sazandalaryň tehniki ussatlylygy bilen diňleýjileriň aňynda galdy. Kompozitor M.Raweliň “G-dur” konsert eseriniň № 2-nji konsert eserinden tapawutly ýeri jaz elementleriň ulanylmagyndadyr.
Bu konsert ýerine ýetiriji Wladimir Mkrtumowyň ussatlygyny, hünär derejesiniň ýokarydygyny görkezdi we ýaş nesilleriň saz sungatyna bolan höwesini, söýgüsini artdyrmaga uly ýardam berdi. Wladimir Mkrtumow saz eserlerini çalanda ýüregindäki ajaýyp duýgulary diňleýjä ýetirmegi başarýan ussatdyr. Geçirilen konsert öran şowly boldy. Konsertiň soňunda ussat sazanda Wladimir Mkrtumowa gyzgyn el çarpyşmalar bilen alkyş sözlerini aýtdylar. Ussat
sazanda döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Aýdym-saz sungatymyzy, medeniýetimizi kämilleşdirmekde, dünýä ýaýmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan umumy adamzat ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

Aziza ARSLANOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Fortepiano” bölüminiň mugallymy.