MEDENIÝET

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen welaýat ýörite sungat mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi.
Syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň
gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda Arkadagly Gahryman Serdaryň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dünýäde parahatçylygyň,
abadançylygyň, rowaçlygyň, dost-doganlygyň, durnukly ösüşiň ýurdy diýlip ykrar edilen eziz Watanymyzda adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi we geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ýylyň şygarynda hem ynsanperwer döwlet syýasatymyzyň öz beýanyny tapjakdygyna
ynam bildirildi.