Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň bilim almagy, ylmyň soňky gazananlary bolan ýokary tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmekleri, saz sungatyň we medeniýetiň dürli görnüşleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde hem ussat bagşy sazandalaryň, meşhur kompozitorlaryň döredijiligi bilen baglanyşykly bolan edebi sazly duşuşyklar, döredijilik agşamlary ýygy-ýygydan geçirilip durýar.
Ýakynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi kompozitor Aşyr Kulyýewiň 105 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly konferensiýa geçirildi. Bu ylmy-amaly konferensiýany “Sazyň taryhy we nazaryýeti ” bölüminiň ýaş hünärmen mugallymy Orazowa Ýazjemal Paltanepesowna gurnady. Konferensiýada “Sazyň taryhy we nazaryýeti ” bölüminiň ýaş hünärmen mugallymy Jumageldiýewa Oguljahan we şol bölümiň III we IV-ýyl talyplary multimediýa tagtasynda kompozitoryň ömür ýoly we döredijilik mirasy bilen bagly bolan birnäçe eserleri barada gyzykly we täsirli ylmy iş we prezentasiýalar bilen çykyş etdiler.
Konferensiýa III-ýyl talyp Serdarowa Manzura Aşyr Kulyýewiň ömri we döredijiligine degişli prezentasiýa çykyşy bilen başlanyp, kompozitoryň ömür ýoly barada giňişleýin maglumat berdi.
Konferensiýanyň dowamynda ýaş hünärmen mugallym Jumageldiýewa Oguljahan Aşyr Kulyýewiň “Skripka we orkestr üçin konserti ” baradaky saz derňewli ylmy işi bilen çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda eseriň ähli bölümleriniň saz derňewleri, shemalary, kompozitoryň saz diliniň aýratynlyklarynyň inçe syrlaryny aýdyň we giňişleýin görkezilip, eseriň her bölümine degişli saz ýazgylary diňlenildi.
Bu eseriň liriki merkezi bolan ” II-bölümini mekdebimiziň “Kirişli saz gurallar ” bölüminiň mugallymy Hudaýberdyýewa Jemal Erkinjanownanyň ussatlarça duýgy taýdan ýokary ruhybelentlikde, joşgunly ýerine ýetirmegi konferensiýa gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu ajaýyp esere Tokarýewa Lýudmila Nikolaýewna sazandarlyk etdi.
Soňra III-ýyl talyp Ruslanowa Zalina Aşyr Kulyýewiň “Opera döredijiligi” atly prezentasiýa çykyşynda, kompozitoryň “Abadan ” we “Ýusup – Ahmet ” operalarynyň mazmunyny, şeýle hem operalarda hereket edýän gahrymanlaryň tolgundyryjy wakalary hakynda gürrüň berdi.
IV-ýyl talyp Ýagşymyradowa Jennet “Fortepiano üçin sonata” (g-moll) baradaky prezentasiýa bilen çykyşynda eseriň ähli bölümleriniň derňewleri barada giňişleýin gürrüň berip, bu eseri daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri bilen deňeşdirdi. Soňra “Fortepiano üçin sonata” (g-moll) eseriniň saz ýazgysy diňlenildi.
Konferensiýanyň dowamynda görkezilen çykyşlar özboluşly häsiýete eýe boldy. Konferensiýa “Sazyň taryhy we nazaryýeti ” bölüminiň halypa mugallymlary: Ýu.Jumaýewa, Taçow B; Çaryýew M; we ýaş hünärmen mugallym Seýitkulyýewa A we beýlekiler gatnaşdylar. Halypa mugallymlar konfirensiýada edilen çykyşlar barada özara pikir alyşdylar, soňra ýaş hünärmen mugallymlara täsirli maslahatlary berilip, sorag-jogap arkaly söhbetdeşlikler geçirildi. Halypa mugallymlar ýaş hünärmen mugallymlaryň işlerinde uly üstinlikleri arzuw etdiler.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
mugallymy Jumageldiýewa Oguljahan