Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly, watansöýüji ilhalar ýaşlary ýetişdirip, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmeklik üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim bermek, öz hünäriňi, tejribäňi ýaş nesiller bilen paýlaşmak halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän peýdaly ýol-ýörelgelerimiziň biri bolup durýar. Halypa ýaş
nesiller üçin kämillige ýol görkeziji ýagny, maslahat beriji ynsandyr.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde sungat ussatlarynyň konsertleri, saz agşamlary ýygy-ýygydan geçirilip durýar. Ýakynda tylla güýzüň gelmegi mynasybetli mekdebimiziň “Hor dirižýorlugy” bölüminiň III-ýyl talyby Gülşirin Mergenowanyň umumy fortepiano dersi boýunça ýekelikdäki “Güýz paslynyň waspçysy” atly konserdi geçirildi. Bu ajaýyp konserdi “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Arslanowa Aziza taýýarlady.
Konsert maksatnamasynda türkmen we dünýä belli meşhur kompozitorlaryň sazlary ýerine ýetirildi. Konsert I.S.Bahyň iki sesli inwensiýasy (C-dur) bilen açyldy. Ýaş sazanda bu eseriň polifoniýa baý öwüşgünlerini dogry ýerine ýetirmegi başardy. Soňra W.A.Mosartyň (a moll) sonatasynyň III-bölümi Alla turca eseriniň ýaňlanmagy konsert dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsert maksatnamasy K.Çerni “Etýud” (C-dur), F.Şopeniň “Весенний вальс” we
“Noktýurn” (cis-moll), D.Nuryýewiň “Ветер” eserleri bilen dowam edip, bu ýaňlanan eserler diýseň täsirli bolup, konserta tomaşa eden ýaş zehinleriň saz sungata bolan höweslerini has-da artdyrdy. Soňra A.Abdullaýewiň “Bahar tansy” eseri ýerine ýetirildi. Bu eser diňleýjilere bahar paslynyň gözelligini, guşlaryň saýraýyşlaryny ýatladyp, tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Konsert dabarasynyň jemleýji böleginde “Kirişli saz gurallary” bölüminiň IV-ýyl talyby
Grant Artunýanyň ýerine ýetirmeginde we “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Aziza Arslanowa we III- ýyl talyp Gülşirin Mergenowanyň sazandarlyk etmeklerinde G.Swiridowyň “Вальс” ansambly ýaňlandy. Güýz paslynyň owadanlygy sahna bezegleri bilen utgaşyp, sahnada ýerine ýetirlen çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Mergenowa Gülşiriniň aýdym-saza bolan höwesinde ýaş mugallym Aziza Arslanowanyň zähmeti uludyr. Mugallym Aziza Arslanowa ýaş zehinleri taýýarlamakda şeýle-de sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özeni bolan halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirmekde, türkmen saz sungatyna goşandyny goşjak, zähmet söýer watan söýüji ýaşlary terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, dünýä bähbitli beýik işleri rowaçlyklara ýar bolsun!
Oguljahan JUMAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.



