Her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, toý-dabaralara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, saz sungatymyzyň abraýy, şan-şöhrady has hem belende göterilýär. Saz sungaty milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Saz ata-babalarymyzdan bize miras galan ruhy baýlykdyr. Saz-ynsanyň gadymy döwürlerden bäri iň ýakyn hemrasydyr.
Ýakynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň 2025-2026-njy okuw ýylynyň I-ýarym ýyllygynyň hasabat konserti uly dabara beslendi. Konsertiň maksatnamasynda birnäçe türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt dünýä belli kompozitorlarynyň ajaýyp saz eserleri ýaňlandy. Konsert dabarasy “Fortepiano” bölüminiň II-ýyl talyby A.Jumakulyýewanyň ýerine ýetirmeginde N.Halmammedowyň “Bagyşlama” atly eseri bilen açyldy. Soňra konsert şol bölümiň III-ýyl talyby S.Joraýewanyň F.Şubertiň “Ekspromt” eseri bilen dowam etdi. Bu ýaňlanan eserler konsert dabarasyna gatnaşyjylary duýgulandyrdy.
Soňra “Fortepiano” bölüminiň III-ýyl talyby B.Şageldiýewanyň ýerine ýetirmeginde F.Şopeniň “Noktýurn” eseri ýaňlanyp, liriki eseriniň arzuw-hyýaldan doly häsiýetini diňleýjileriň kalbynda ornaşdyrmagy başardy.
Soňra “Fortepiano” bölüminiň IV-ýyl talyplarynyň G.Babaýewanyň M.Annamuradowyň “Tokkata” (a-moll) şeýle-de B.Jumaýewanyň B.Hudaýnazarowyň “Tokkata” eserlerini ezberlik bilen ýerine ýetirmekleri konsert dabarasyna öwüşgin çaýdy. Soňra P.I.Çaýkowskiniň “Я ли в поле да не травушка была” eserini “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Huddyýewa M.A. eseriň mylaýym häsiýetini we söýgülisine ýüzlenmesini diňleýjilere ussatlarça ýetirdi. Bu ajaýyp esere “Fortepiano” bölüminiň II-ýyl talyby M.Annadurdyýew sazandarlyk etdi. Halypa zenanyň kalbyndan syzylyp çykan mahmal, şirin owazy diňleýjileriň aňynda ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.
Soňra konsert dabarasy çeh kompozitory Zdenek Fibihiň “Sonatina ” eserini “Kirişli saz gurallary” bölüminiň III-ýyl talyby O.Seýtiýewanyň ýerine ýetirmegi bilen dowam etdi. Ýaňlanan bu ajaýyp esere “Fortepiano” bölüminiň III-ýyl talyby K.Şirnazarowa sazandarlyk etdi. Soňra F.Şopeniň “Вальс дождя” eserini “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň I-ýyl talyplary L.Jumaýewa, S.Rahmanowa bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Bu esere “Fortepiano” bölüminiň IV-ýyl talyby N.Jumanazarowa sazandarlyk edip, eserde beýan edilen tebigatyň gözelligini, ýagyşly howany, damjalaryň waspyny diňleýjilere ýetirmegi başardy.
Konsert “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň I-ýyl talyby L.Jumaýewanyň ýerine ýetirmeginde W.Muhadowyň “Güller” eseri bilen dowam edip, bu esere “Fortepiano” bölüminiň IV-ýyl talyby B.Jumaýewa sazandarlyk etdi. Soňra “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy A.Hamraýew Ç.Nurymowyň “Ýar oýnasyn” eserini ussatlarça ýerine ýetirdi. Ýaňlanan esere “Fortepiano” bölüminiň IV-ýyl talyby G.Eşgeldiýewa sazandarlyk etdi. Şatlyk-şowhuna beslenen baý öwüşginli bu eser tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Soňra A. Pýasollanyň “Libertango”- eserini “Kirişli saz gurallary” bölüminiň IV-ýyl talyby N.Karimowa we “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň IV-ýyl talyby O.Azadowa bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Bu esere “Fortepiano” bölüminiň III-ýyl talyby M.Çaryýew sazandarlyk etdi. Konsert dabarasyndaky ýaşajyk zehinli sazandalaryň çykyşy ussatlylygy, duýgulylygy bilen has-da tapawutlandy.
Soňra N.R.Korsakowyň “Нa ветер, веет с высоты” “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Huddyýewa M.A. ussatlarça ýerine ýetirdi. Bu ajaýyp esere II-ýyl talyp M.Annadurdyýew sazandarlyk etdi.
Konsert dabarasy “Kirişli saz gurallary” bölüminiň IV-ýyl talyby N.Karimowanyň ýerine ýetirmeginde Ş.Danklýanyň “Вариации на темы Россини” atly eseriniň, III-ýyl talyp S.Joraýewanyň sazandarlyk etmeginde jemlendi.
“Fortepiano” bölüminiň bölüm müdiri Haidowa L.Ş talyplaryň ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin wagyz-nesihat çärelerini şeýle-de ýaş sazandalary höweslendirmek maksady bilen ýylyň-ýylyna hasabat konsertlerini gurnap, täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga aýratyn ähmiýet berýär. Halypa mugallymyň L.Ş.Haidowanyň taýýarlan konserti tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine, el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Şeýle-de “Fortepiano” bölüminiň mugallymlary: Haidowa L.Ş, Akyýewa G.R, Täjihalowa R.S, Koşelewa L.W, Arslanowa A.A konsert dabarasyny şowly geçirmekde uly ýardam berdiler we saz sungatynyň ösmegine, halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesini dowam etdirmäge goşant goşýarlar. Konsert dabarasyna gatnaşan mugallymlara we talyplara işlerinde, okuwlarynda, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Bu geçirilýän dabaraly konsertler aýdym-saz sungatyna, medeniýetine goýulýan hormat sarpanyň nyşanydyr.
Milli medeniýetimizi we saz sungatymyzy kämilleşdirmäge, ýaş sazandalaryň kämil eserleri döretmäge şeýle-de döredijilik bilen meşgullanmaga, hünär taýdan ösmäge giň mümkinçilikleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli tutumlary rowaç alsyn!
Eteri GIORGADZE,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Fortepiano” bölüminiň mugallymy.
