BIZE YAZYARLAR

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň hasabat konserti geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen birlikde milli medeni mirasymyz, aýdym-saz sungatymyz barha kämilleşip barýar.
Aýdym-bu adamlaryň göwün hoşudyr. Aýdym adamzadyň syrdaşy bolup, ynsany tazeliklere, üstünliklere, ýagty başlangyçlara ruhlandyrýan jadyly duýgudyr.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde uly joşgun bilen zehinli sazandalaryň, ýurdumyzda meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilikli konsertleri, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy şahyrlarynyň taryhy wakalary, okuw-usuly seminarlary, wagyz nesihat çäreleri ýygy-ýygydan geçirilip durýar. Şeýle
ajaýyp konsertleriň biri hem mekdebiň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň şirin owazly talyplarynyň we mugallymlarynyň bilelikde taýýarlamagynda geçirildi. Bu konserti “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň bölüm müdiri Merdan Hakimow gurnady.
Konsert repertuarynda birnäçe türkmen kompozitorlarynyň şeýle hem daşary ýurt dünýä belli kompozitorlarynyň meşhurlyk gazanan eserleri ussatlarça ýerine ýetirildi. Konsert dabarasy “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň I-ýyl talyby Alişer Açilowyň ýerine ýetirmeginde Çary Nurymowyň “Näzlim uz maňa” atly eseri bilen açyldy. Soňra konsert şol bölümiň II-ýyl talyby Guwandykowa Jemal
A.Agajykowyň “Aýryldym” eseri bilen dowam etdi. Bu ýaňlanan eserlere “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy Salamat Huddyýewa sazandarlyk etdi. Konsertiň dowamynda II-ýyl talyplaryň Nepesowa Örejemal W.Muhadowyň “Ilki söýgüm nirde sen”, Durdymyradow Umyt A.Agajykowyň “Gowgaly gije”
operasyndan Daňataryň ariýasy, Myradowa Jemal S.Tüýliýewiň “Ezizim” eserleriniň ýaňlanmagynda ýürekleri tolgundyrýan mahmal owazlar bilen joşgunly çykyşlar dowam etdi. Bu ýaňlanan täsirli eserlere mekdebimiziň mugallymlary Bahar Talipowa, Aziza Gaipowa dagylar sazandarlyk etdiler. Soňra konsert III-ýyl talyp Ata Gaýypowyň ýerine ýetirmeginde italiýanyň kompozitory Džoakkino Rossininiň “Севильский цирюльник” operasyndan Figaronyň kawatinasy ýaňlanmagy konsertiň özüne çekijiligini has hem artdyrdy. Bu esere “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Aziza Gaipowa sazandarlyk etdi. IV-ýyl talyplarynyň Enejan Sarsynowanyň aýtmagynda D.Öwezow we A.Şapoşnikowyň “Şasenem we
Garyp” operasyndan Şasenemiň ejesine ýalbarmagy, Muradow Babajanyň Ilmyradyň “Palowa gel” aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirmekleri konsert dabarasynyň tolgundyryjy, duýgulandyrýan pursatlaryna öwrüldi. Bu ajaýyp eserlere “Fortepiano” bölüminiň mugallymlary Dilaram Awanesowa, Ajap Ilowa sazandarlyk etdiler. Soňra italiýanyň kompozitory Винченцо ди Кьяра “La spagnola” aýdymyny III-ýyl talyp Mämmedow Annageldi diýseň ezberlik bilen ýerine ýetirdi. Bu ýaňlanan meşhur esere “Fortepiano” bölüminiň IV-ýyl talyby Bazarowa Nurana sazandarlyk etdi. Konsert IV-ýyl talyby Hanmyradow Babajanyň ýerine ýetirmeginde D.Öwezow we Ýu. Meýtusyň “Leýli-Mejnun”
operasyndan “Isterem” eseri ýaňlandy. Milli operalarymyz halk heňlerine baýlygy halka ýakyn äheňde ýazylandygy üçin halkyň aňynda, kalbynda müdümilik ornaýar. Bu naýbaşy esere “Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy Talipowa Bahar sazandarlyk etdi. Konsert dabarasy görnükli türkmen kompozitory Nury Halmammedowyň “Aşgabat”eseriniň III-ýyl talyp Selbi Imamowanyň ýerine
ýetirmeginde gözelligiň we ösüşiň şäheri bolan Aşgabat şäherimiziň waspy bilen jemlendi. Bu ýaňlanan dabaraly esere Ajap Ilowa sazandarlyk etdi. Bu ajaýyp ýerine ýetirlen çykyşlar diňleýjiler tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Bu bagtyýar zamanada milli medeni mirasymyzy, saz sungatymyzy çuňňur öwrenmäge, olary dünýäniň ýüzüne ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Merdan HAKIMOW,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň bölüm müdiri.