Şu ýyl Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredilenine 50 ýyl dolýar. Ýakynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen dabara şu şanly senä bagyşlandy.
1975-nji ýylda işe başlan mekdebe ilkinji okuw ýylynda mugallymlaryň 20-si işe çekilýär we ilkinji gezek talyplaryň 60-sy okuwa kabul edilýär. Häzirki wagtda mekdepde 90 töweregi mugallymyň zähmet çekýändigini, zehinli ýaşlaryň 260-a golaýynyň hünär alýandygyny nazara alanyňda, sungat ojagynyň geriminiň nähili derejede giňändigine buýsanç bilen göz ýetirip bolýar. Mekdebiň ilkinji direktory wezipesine Ilaman Babaýew bellenilýär. 1978 — 1985-nji ýyllarda mekdebe guramaçy ýolbaşçy Jumabaý Rozyýew, 1985-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine goşan önjeýli goşandy üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan Bäşim Berdiýew ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygyndaky hor topary dürli döwürlerde Özbegistanda, Russiýa Federasiýasynda, Latwiýada, Gyrgyzystanda üstünlikli çykyş edýär. Bu toparyň 1998-nji ýylda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen II halkara hor festiwalynda birinji orna mynasyp bolmaklygy tutuş türkmen sungatynyň üstünligi diýip buýsanç bilen aýdyp bolar. Bu ýerde zähmet çekýän Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri, kompozitor Batyr Soltanow, Myrat Baltaýew, Döwlet Sahatow, Narkuly Hüseýinow, tejribeli mugallymlar Täzegül Joraýewa, Ýuliýa Jumaýewa, Allaberdi Ergeşow ýaly halypalar, sözüň doly manysynda, mekdebiň buýsanjydyr. Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýew, Gözel Öwezowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünow ýaly ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlary şu mekdepde bilim alan aýdymçylardyr.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi 50 ýaşady

23
May