BIZE YAZYARLAR

Lebap welaýat ýörite sungat medebinde  “Bahara siňen owazlar” atly konsert geçirildi.

Eziz Diýarymyza hökümini ýöredýän pasyllaryň soltany bahar biziň göwnümizi göterip, ýüreklerimizi heýjana salyp ajaýyp günleri ýetip geldi. Türkmen kompozitorçylyk sungatymyzda-da bahar pasly bilen bagly ençeme eserler döredildi. Dürli ýyllarda ýurdumyzyň tanymal kompozitorlarynyň döredijiligini bezän bahar ýaly mylaýym, ýakymly aýdymdyr sazlar halkymyz tarapyndan belent sarpalanyp, häli-häzirem diňleýjileriň arasynda giňden meşhurdyr.

Ine bu günem bahar paslynyň ilkinji buşlukçysy bolup Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary “Bahara siňen owazlar” atly ajaýyp konsert çykyşlary bilen begendirdiler. Baýramçylyk dabarasyny gurnan  “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Haidowa Leýla Şirinbaýewna Türkmenistanda fortepiano sungatynyň ösüş tapgyry, ussat ýerine ýetirijiler we bu saz guraly üçin döredilen ajaýyp saz eserleri hem-de kompozitorlaryň döredijilik mirasy barada taýýarlan nutugy bilen başlady.

 Konsertiň repertuarynda fortepiano üçin G. Çaryýewiň “Elegiýasy”, N. Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” pýesasy, kamera-wokal sazlardan: D. Nuryýewiň “Saňa garaşýan”, N. Halmämmedowyň “Ýagma bulut”, kamera-instrumental eserlerden: B. Hudaýnazarowyň “Poema mugam”, N. Halmämmedowyň “Poemasy”, A. Agajykowyň “Ekspromnty”, A. Kulyýewiň skripka we fortepiano üçin konserti (ikinji bölümi) ýaly instrumental we wokal eserleri ýerine ýetirildi.

Akar çeşme ýaly yzy üzülmeýän hyjuwly eserler konsertiň dabarasyny bezedi we tomaşaçylar bu eserleriň ýerine ýetirilişine şowhunly el çarpyşmalary bilen kabul etdiler.

Konsertiň dowamynda ýaş sazanda talyplar bilen bir hatarda “Kirişli saz gurallary”, “Aýdym aýtmak sungaty”, “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary: A. Jumakulyýew, G. Jumaniýazowa, M. Hutdyýewa, Ş. Kurbanowa, L. Resulowa, G.Çaryýew konsert repertuarynyň ýerine ýetirilmeginde goşandyny goşdular. Ýaňlanan bu owazly eserlere “Fortepiano” bölüminiň mugallymy L.Haidowa we onuň talyplary sazandarlyk etdiler. Umuman türkmen kompozitorlarynyň peşgeş eden ajaýyp nusga eserleri baýramçylyk dabaramyzyň bezegine öwürlüp, uzak wagtlap sazyň täsirinden çykyp bolmaýan pursatlara öwrüldi.

Ýörite sungat mekdebimizde şeýle konsertleriň yzygiderli geçirilip durulmagy ýaş sazandalarymyzda saza hem-de öz kärine bolan höwesiniň gitdigiçe artmagyna, zehin başarnygynyň barha gözelleşmegine ýardam berýär. Baharyň owazyna bagyşlanan baýramçylyk konsertinde türkmen kompozitorlarynyň nusgalyk eserleri nurly kalbyňy joşdurup, ýaz ýakymly owazy baharyň buşlukçysy hökmünde ýaňlandy.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” talyp ýaşlarymyzyň hemme taraplaýyn döredijilikli zähmet çekmegi üçin berilýän ýokary derejelerine jogap edip, Türkmen saz sungatynyň dünýä derejesiniň belentliklerine çykaryp, täzeçil döredijilik ýoly dowam etmelidiris.

Seýitkulyýewa Aziza

Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň mugallymy    

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: