MEDENIÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn sergi işläp başlady

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Garaşsyzlyk milli ýol-ýörelgelerimiziň, medeni mirasymyzyň dabaralanmasydyr» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çärä muzeý işgärleri, mirasy öwrenijiler, Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatdan soň bu ýerde Garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna bagyşlanan wagtlaýyn sergi açyldy. Onda milli şaý-sepleri, zenanlaryň el işleri, haly we haly önümleri, Garaşsyzlyk ýyllarynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylan ösüşleri görkezýän fotosuratlar, gazet-žurnallaryň materiallary ýerleşdirildi.

Maslahata gatnaşyjylar sergä ilkinjiler bolup tomaşa etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: