- ESASY HABARLAR, MEDENIÝET

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze sergi açyldy

  Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.

  Muzeýiň zallarynda «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» diýen at bilen welaýatyň ykdysadyýetde gazananlary, medeni-durmuş ulgamyndaky ösüşleri barada materiallar goýlupdyr. Muzeýe gelýänler bu ýerde soňky ýyllarda gurlan zawodlaryň we fabrikleriň işi bilen tanşyp bilýärler. Diwarlyklarda senagatda we gurluşykda önümçiligiň ösüşini görkezýän sanlar we faktlar goýlupdyr, senagat we durmuş maksatly binalaryň kiçeldilen görnüşleri bolsa bu ýere gelýänleri Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçen özgertmeleriň gerimi bilen tanyşdyrýar. Ýeňil we dokma senagatynyň önümleriniň görnüşleri, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynyň ösüşlerini beýan edýän diwarlyklar hem uly gyzyklanma döredýär. Şeýle hem, bu ýerde welaýatyň nakgaşlarynyň çeken  durmuşyň dürli taraplaryny açyp görkezýän suratlary hem ýerleşdirilipdir.

  Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary serginiň ilkinji tomaşaçylary boldular.

  Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 2011-nji ýylyň sentýabrynda açyldy we Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň medeni merkezleriniň birine öwrüldi.  Şonuň ýaly-da, bu ýerde ylmy maslahatlary, tematiki sergileri guraýarlar, orta mekdepleriň, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bilen synpdan daşary çäreleri we taryh sapaklaryny geçirýärler. Oňa diňe welaýat  merkeziniň ýaşaýjylary däl-de, onuň myhmanlary hem gelýärler. Daşary ýurtly syýahatçylar hem ony baryp görmeli ýerleriniň sanawyna girizýärler. Muzeýiň işgärleri göçme sergileri hem guraýarlar.