MEDENIÝET

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze sergi açyldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde pasyllaryň soltany bolan baharyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän 8-nji mart baýramçylygyna bagyşlap Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Dänew etrap birleşigi bilen bilelikde “Zenan gözellik dünýäsi” atly gurnalan wagtlaýyn serginiň açylyş dabaraly çäresi geçirildi.
Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklar, suratkeşleriň bahar paslyny we gelin-gyzlarymyzy wasp edip çeken nakgaş we ýasan heýkel eserleri, bezeg keramika küýzeleri hem-de dürli el işleri görkezildi. Sergini gurnamagyň esasy maksady, ýurdumyzyň bagtyýar geljegi bolan ösüp gelýän ýaşlary, türkmen halkynyň raýatlary medeni-miras bilen tanyşdyrmak, gymmatlyklary halka ýaýmak, milli däp-dessurlary dikeltmekde terbiýeçilik täsirini ýetirmekden we wagyz etmekden ybaratdyr.
Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli we medeni mirasyny öwrenmekde, toplamakda,
gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda edýän aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýtdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: