MEDENIÝET

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Nowruz baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Nowruz — ösüşiň we gözelligiň nagmasy» atly
wagtlaýyn sergi açyldy. Dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda
we hakydasynda köp asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy Nowruz baýramyna bagyşlanan sergini
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap
Geňeşlikleriniň muzeý bilen bilelikde guradylar.
Serginiň açylyş dabarasynda we maslahatynda Nowruz baýramy, halklaryň arasynda parahatçylygy
berkidýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan hem-de Gündogar halklaryň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan baýram hökmünde giňden bellenilýänligi hakynda durup geçdiler.
Soňra dabara gatnaşyjylar wagtlaýyn sergi bilen tanyşdylar. Onda muzeýiň gaznasynda saklanylýan
milli gymmatlyklar: haly önümleri bolan düýebaşlyk, çuwal, kiçi haly, saz gurallary: deprek, dutar,
gyjak, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda öndürilen küýzeler hem-de
bahar paslyny ýatladýan agaçlaryň gülläp duran suratly diwarlyk görkezilýär. Serginiň dowamynda
suratkeş Ş.Saparowanyň «Gülli natýurmort», «Milli nagyşly natýurmort», K.Rawşanowanyň «Nowruz semenesi» ýaly nakgaş eserleri hem görkezilýär. Şonuň ýaly-da, öý hojalyk esbaplary: agaç okaralar, agaç çemçeler, sokular, tikeçler, galbyr, ýerleşdirilen. Bulardan başga-da, mis küýzeleriň, orak, azal, toýun küýzeleriniň birnäçe görnüşleri hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň milli
tagamlarynyň suratlary ýerleşdirildi. Sergide görkezilen ýaşyl bugdaý maýsalary nowruzyň
gelendiginiň buşlukçysydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: