MEDENIÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde döredijilik duşuşygy we usuly maslahat geçirildi

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly döredijilik duşuşygy we oba we öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, muzeýleriň işgärleri gatnaşdylar.
Muzeýde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň wekilleriniň guran sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Onda nakgaşlaryň suratlary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli mirasa degişli, sebitleriň taryhy bilen baglanyşykly eksponatlar goýlupdyr.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen çärede taryhy we mili mirasy öwrenmekde, geljekki nesiller üçin ony saklap galmakda, muzeýleriň orny, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan muzeýleriň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk guramak,taryhy maglumatlary we eksponatlary toplamak, olaryň hasabaty ýöretmek, muzeýleriň gaznasyny döretmek we onuň işini ýöretmek we beýleki meseleler boýunça usuly maslahatlary berdiler.
Maslahata gatnaşyjylar welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde işleriň guralyşy bilen hem tanyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: