MEDENIÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde döredijilik duşuşygy geçirildi

Şu gün «Senetçilik we amaly haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň çäklerinde türkmen we daşary ýurtly senetçileriň döredijilik duşuşygy geçirildi. Olar Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýygnandylar, bu ýerde goýlan sungat eserlerini synladylar we öz aralarynda pikir alyşdylar.

Bu ýerde festiwala gatnaşyjylardan başga-da, muzeýe gelen adamlar hem ýygnandylar. Olar bolup geçýän wakalar bilen içgin gyzyklandylar, dürli eşikleri geýip gördüler, sungat eserlerini satyn aldylar.

Senetçiler önümleri taýýarlanylyşyny görkezip, gysgaça sapak geçdiler. Daşary ýurtly myhmanlar, aýratyn hem, dutaryň ýaşalyşy, türkmen milli telpeginiň tikilişi, keramiki önümleriniň öndürilişi bilen ýakyndan gyzyklandylar. Isleg bildirenler olary ýasamagy hem synanyşyp gördüler. Daşary ýurtly myhmanlaryň getiren sungat eserleri hem foruma gelenleriň ünsüni çekdi.

Döredijilik duşuşygynyň çäklerinde sungat eserleriniň we senetçilik önümleriniň satuw-sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: