Lebap welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi
Lebap welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginde ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramaklarynda «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» diýen mowzukda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat müdirliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Adybir Maksatnamanyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmagy maksat edinen söhbetdeşlikde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, ýaşlaryň saglygyny goramagyň we keselleriň öňüni almagyň, ýaşlaryň dogry we kadaly iýmitlenmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryny berjaý etmeklerini gazanmagyň hem-de sagdyn durmuş we fiziki işjeňlik ýörelgelerini has-da berkitmegiň wezipeleri barada özara pikir alşyldy.