JEMGYÝET

Lebap welaýat saýlaw topary täzeden döredildi

Lebap welaýat saýlaw toparynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli topar täzeden döredildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Welaýat saýlaw toparyny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan meýilnamanyň esasynda guramaçylykly amala aşyryldy.Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda geçirildi. Mejlisler we ýygnaklar aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, demokratik esaslarda geçirildi.Welaýat saýlaw toparynyň birinji mejlisi geçirilip, onuň başlygy, başlygynyň orunbasary we kätibi saýlanyldy. Bu saýlaw toparynyň düzümi 11 agzadan ybaratdyr.Welaýat saýlaw toparynyň täze düzüminiň agzalaryna şahsyýetnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: