MEDENIÝET

Lebap welaýat neşiri tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlendi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy
hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan yglan
edilen «Bitarap Watanda baky nowjuwan bahar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.
Makalalar, hekaýalar we goşgular žanry boýunça yglan edilen bu bäsleşige dürli kärde
zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň onlarçasy gatnaşdy.
Bäsleşikde Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy Akmyrat Jumaýew,
Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Nurguly Ýagmyrow, Hojambaz
etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Rozygül Apbakowa, Türkmenabat şäherindäki
10-njy orta mekdebiň mugallymy Gyzylgül Mämiýewa, Halaç etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy Esen Çaryýew, Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy Şahida Allakulyýewa, Kerki etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy Hudaýguly Goçow, Saýat etrabynyň ýaşaýjysy Güneş Maksadowa, Köýtendag etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oral Temirow ýeňijiler diýlip yglan edildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: