Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guran «Bilimli ýaşlar — Watan kuwwaty» atly dabaraly maslahat giňden geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý
işgärleri gatnaşyp, ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsançly çykyşlar edildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlary bilimli, sagdyn hem-de zähmetsöýer nesil hökmünde terbiýelemekde edýän ägirt uly tagallalary aýratyn nygtalyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Täze okuw ýylynyň başlanýan gününe gabat gelýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Lebap welaýatynyň edara-guramalarynda, oba-şäherlerinde
şatlykly duşuşyklar, hoşallyk maslahatlary, aýdym-sazly çykyşlar geçirilip, halkymyzyň ruhuny belende göterýär. Bu çäreler ýaş nesliň ylma, bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de Garaşsyzlygyň gazananlaryny dabaralandyrmaga hyzmat edýär.
Lebap welaýat muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabara geçirildi
01
Sep
