MEDENIÝET

Lebap welaýat medeniýet merkezinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli dabara boldy

Lebap welaýat medeniýet merkezinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert boldy. Ony welaýat häkimligi hem-de welaýat medeniýet müdirligi bilelikde guradylar.
Oňa uruş we tylda zähmet çeken weteranlar, harby gullukçylar, Türkmenabat şäherindäki kärhanalaryň, edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler ýeňşiň ähmiýetini bellediler,Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanlylaryň görkezen edermenlikleri barada gürrüň berdiler, söweş meýdanynda başyny goýan esgerleri ýatladylar, tylda galanlaryň gaýduwsyzlyk bilen çeken zähmeti barada gürrüň etdiler.
Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri sazly edebi kompozisiýa görkezdiler we onda uruş ýyllarynyň wakalaryny janlandyrdylar. Welaýatyň sungat ussatlary bolsa joşgunly aýdymlary hem-de tanslary bilen oturanlara baýramçylyk şatlygyny paýladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply