Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda täze enjamlar oturdyldy
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň barlaghanasynda ýokary hilli enjamlaryň ýene-de ikisi oturdyldy. Hytaý Halk Respublikasynyň «Mindraý» kysymly enjamlarynyň kömegi bilen birnäçe keseliň alamatlaryny takyk anyklap bolýar. Şeýle-de enjamlaryň kömegi bilen täze howply döremeleriň, insultyň, infarktyň alamatlaryny irki döwürde ýüze çykarmak arkaly öňüni alyş işleri geçirilýär.
Bu barlaghana dünýäniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilip, onda ýüz tutup barýanlara iň häzirkizaman hyzmatlar hödürlenilýär. Barlaghanada jemi hünärmenleriň 38-si zähmet çekýär, olaryň 13-si lukman, 19-sy bolsa laborant. Bu ýerde dürli usullar bilen bedeniň içki agzalarynyň näsazlyklaryny we käbir keselleri irki döwürde takyk anyklamaga mümkinçilik berýär.
Barlaghanada immunologiki analizatorlaryň kömegi bilen infarkt keselleriniň alamaty, galkan şekilli mäzleriň, jyns agzalarynyň gormonlary, kardiopaneller, onkomarkerler we wiruslaryň birnäçe görnüşleri
anyklanylýar.