MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasyny daşary ýurtly myhmanlar gelip gördüler

Eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri okyjylara döwrebap binada hyzmat edýän welaýat kitaphanasy Türkmenabat şäherine gezelenje gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň we myhmanlaryň esasy gelip görýän ýerleriniň birine öwrüldi. Müňlerçe neşirlik gory bolan kitaphanada gadymyýetiň gatlaryna degişli gymmatly eserleriň hem uly toplumy saklanylýar.
Ýakynda bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilaty nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) halkara hünärmenlerinden düzülen baha beriş missiýasynyň wekilleri gelip gördüler. Olar ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde biziň welaýatymyzda hem birnäçe ýerlerde boldular.
Kitaphanada döredilen şertler we ondaky gollanmalar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Kitaphananyň hünärmenleri olaryň gyzyklanýan ugurlarynyň her biri boýunça kanagatlanarly jogap berip, bu gezelenjiň täsirli geçmegine ýardam etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: