Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilen welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň milli nusgasy» atly brifing geçirildi. Çärede kitaphana işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Brifingde çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda geçirilen mejlisiniň ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Bellenilişi ýaly, şol mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 19-njy sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyklar bilen
baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda aýratyn nygtalyşy ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisleri ýurdumyzyň raýatlarynyň ýürek sesine, arzuwlaryna we maksatlaryna aýratyn orun berýär.
Bosagada duran mejlis hem döwletlilik toýumyzyň öňüsyrasynda netijeli geňeşe öwrüler diýip bellenildi. Häzirki günlerde Lebap welaýatynda bu taryhy maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu işlere syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary, şol sanda Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Lebap welaýat kitaphanasyndaky maslahat Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlandy
01
Sep
