JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Senetçilik we amaly haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň çäklerinde «Adaty senetçilik we amaly haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Kitaphananyň jaýy 2014-nji ýylda ulanylmaga tabşyrylypdy. Onuň içinde rahat kitap okamak, kurs işlerini taýýarlamak, referat ýazmak we dürli çärelere taýýarlanmak üçin ähli şertler döredilipdir. Girelgede duz-çörek bilen garşy alnan myhmanlar gysgaça tanyşdyrylyşdan soň dürli ýaşdaky okyjylaryň kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanýandyklaryny öz gözleri bilen gördüler.

Ylmy-amaly maslahatda dürli ýurtlaryň wekilleri çykyş etdiler. Olaryň dokladlarynyň içinden özüniň stilleri we görnüşleri tapawutlanýan sungatyň birleşdiriji güýjüniň bardygy baradaky pikir eriş-argaç bolup geçdi. Olar halkara forumynyň sungatyň üsti bilen halklary birleşdirendigini bellediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: