MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa welaýatyň görnükli medeniýet we sungat işgärleri, ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Olar bu ajaýyp eseriň çuňňur many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de kitapda Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda eýeleýän ornunyň giňişleýin açylyp görkezilýändigi bellenilip, akyldar şahyryň döredijiliginiň, durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişiniň, pelsepewi garaýyşlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetine aýratyn üns çekildi. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: