MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda türkmen bedewlerine bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmaklary mynasybetli Lebap welaýat kitaphanasynda “Gözelligi dünýä nusga bedewler” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän Ahalteke bedewleriň durmuşymyzdaky orny hakda we bedewlerimiziň tarypyny ýetirýän gürrüňler söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, behişdi bedewlerimize bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: