Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti bilen bu medeni ojagyň bilelikde guramagynda «Şöhraty äleme dolan, Arşdan ykbally bedew» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýat baş bilim müdirliginiň işgärleri hem-de Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Maslahatdaky çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur mazmunly eserlerinde türkmen bedewiniň duýgurlygy, düşbüligi we asyllylygy barada giňişleýin söz açyldy. Şeýle hem ýurdumyzda atçylyk sungatyny ösdürmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan tutumly işler barada nygtaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan «Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr» ady bilen guralan kitap sergisi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlere bagyşlanan kitaplarynyň daşary ýurt dillerine terjime edilen nusgalary, şeýle hem ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän çeper eserleri ýerleşdirildi.
Lebap welaýat kitaphanasynda türkmen bedewine bagyşlanan maslahat geçirildi
21
Apr

