Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň we «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy» atly «tegelek stoluň başynda» söhbetdeşlik geçirildi.
Oňa welaýatymyzyň iri edara-kärhanalarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle-de çeper döredijilik bilen meşgullanýan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde güneşli Diýarymyzda tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Lebap welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi

26
Dec