MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi

Welaýat häkimliginiň guramagy bilen Lebap welaýat kitaphanasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp «Bedew batly, şan-şöhratly Diýarym» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Çärä Lebap welaýatynyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşler barada çykyşlar edildi. Şol bir wagtyň özünde kitaphanada «Bedew batly Türkmenistan — dillerde dessan» atly kitap sergisi guralyp, ol çärä gatnaşyjylar tarapyndan synlandy.