MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda TDP-niň welaýat komiteti bilen bilelikde maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan — beýik başlangyçlaryň ýurdy» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň işjeň agzalary, ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda ýurduňň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly ýurt hökmünde bütin dünýäde abraý-mertebesiniň barha belende galýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi.
Kitaphana işgärleriniň «Türkmenistan — jenneti mekan» ady bilen guran sergisi hem oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: