MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

«Gadymy medeniýetiň mekany, Änew!» diýen at bilen geçirilen çäräni Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde guradylar.  Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň pähim-paýhasyndan dörän eseriň many-mazmuny, onuň türkmenistanlylaryň her biri üçin gymmatly gollanmadygy dogrusynda buýsançly söhbet etdiler.

Änew şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi-de muny ýene bir ýola tassyklaýar diýlip çykyşlarda nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar şeýle ilhalar eseri peşgeş edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine alkyş sözlerini aýtdylar.

Şol gün bu medeniýet ojagynda «Miras — halkyň ruhy dünýäsi» diýen şygar astynda täze neşir edilen kitaplaryň sergisi guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: