Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä welaýatymyzyň medeni ojaklarynyň işgärleri hem-de ugurdaş ýörite okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Dabarada täze kitabyň mazmuny barada çykyşlar diňlenilip, eserden bölekler okaldy. Şeýle-de gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerine bagyşlanan kitap sergisini synladylar. Çykyş edenler kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde hem-de parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmekde ähmiýetine ünsi çekdiler.
Lebap welaýat kitaphanasynda täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
27
Dec
