MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda şu ýyl 109 kitap elektron görnüşe geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynyň gaznasynda häzirki wagtda 1 million 378 müň 962 kitap bolup, olary bitewi elektron kitaphana ulgamyna ýüklemek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bolar.
Kitaphana boýunça 2025-nji ýylyň geçen iki aýynda kitaplaryň 109-sy elektron görnüşine geçirilip, şu wagta çenli elektron kataloga ýüklenilen kitaplaryň sany 11 müň 752-ä barabar boldy.
Bu işde kitaphana işgärlerine Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň göreldeli okuwçylaryndan we kitaphananyň işjeň okyjylaryndan düzülen meýletinçiler topary hem ýakyndan ýardam berýär.
Elektron kitaphanadan peýdalanýan okyjylaryň sanynyň hem barha artýandygyny, häzirki wagtda onuň 1 müň 689-a ýetendigini bellemek buýsançlydyr.