MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda onlaýn maslahaty geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Garaşsyzlyk döwründe ýetilen sepgitler» we «Oba kitaphana şahamçalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak» atly onlaýn arkaly maslahaty geçirildi.
Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralan bu çärelerde kitaphana işine döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki zaman talaplary, kitaphanalaryň resmi saýtlarynyň işi, olary guramak we alyp barmak meselelerine seredildi. Saýtlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet çagalar kitaphanasynyň iş tejribesi öwrenildi. Kitaphana işiniň umumy meseleleri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda umumy adamzat gymmatlyklarynyň beýan edilişi barada çykyş edildi.
Şonuň ýaly-da, oba kitaphanalarynyň işlerini talabalaýyk guramaga, kämilleşdirmäge, döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen usuly kömek bermek boýunça amala aşyrylýan işler dogrusynda hem gürrüň edildi. Ýurduň beýleki welaýatlaryndan gelen kitaphana işgärleri oba kitaphanalarynyň şahamçalarynyň hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: