Lebap welaýat kitaphanasynda welaýatyň kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Geljege uzaýan nurana ýollar» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat halkara howa menziliniň, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, şeýle hem Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Şeýle-de çykyşlarda ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň geçirilendigi, täze ýola ak pata berlendigi, täze awtoulaglaryň açarlarynyň gowşurylandygy hem-de bu wakanyň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsi bolandygy bellenildi.
Lebap welaýat kitaphanasynda maslahat geçirildi
20
Apr

