JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda hünär bäsleşigi geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphanaçylarynyň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan «Halkyň Arkadagly zamanasy — döwletli döwranyň waspnamasy» ady bilen yglan edilen bäsleşigine şäher we etrap kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Olar öz iş tejribesi, kitaphana işiniň guramaçylyk aýratynlyklary, Türkmenistanda gazanylýan ösüşleri, durmuşa geçirilýän özgertmeleri we täze eýýamyň galkynyşyny wagyz etmek boýunça şertleri ýerine ýetirdiler. Netijede welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli usulçysy Akjagül Şamuhammedowa birinji, Türkmenabat şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Aknur Kömekowa ikinji orunlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Saýat etrabynyň Sakar şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Maýagözel Bäşimowa bolsa üçünji orny eýeledi.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: