JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda Hasyl toýy mynasybetli dabara geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda Hasyl toýuna bagyşlanyp «Hasyl toýun toýlaýar baýlyk-barly Watanym» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň işjeň agzalary, welaýatymyzyň obasenagat toplumynda köp ýyldan bäri zähmet çekýän gallaçy we pagtaçy kärendeçileriň, tejribeli bagbanlaryň, şeýle-de pileçileriň köpsanlysy gatnaşdy.
Olar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, kärendeçi daýhanlaryň durmuş we iş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de oba hojalyk toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän döwlet goldawynyň, ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan
«Bereketli toprak eşret getirýär» atly sergä tomaşa etdiler.