MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby geldi

Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
kitaphanasyndan we «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy.
Kitaplaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň
iňlis we rus dillerinde we «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň türkmen, rus,
iňlis dillerinde neşir edilen nusgalarynyň 1650 sanysy bar.
Bu kitaplar welaýat kitaphanasynyň kitap gaznasyna tabşyryldy we şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy.
Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphananyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn
kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary kitap sergileriniň,
tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, söhbetdeşlikleriň üsti bilen wagyz edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: