MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasyna täze kitaplar gelip gowuşdy

2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde Lebap welaýat kitaphanasyna täze neşirler gelip gowuşdy. Has takygy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we «Galkynyş» kitap merkezinden Lebap welaýat kitaphanasyna jemi 855 sany täze kitap gowşuryldy. Täze gelen neşirleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasy orun tutýar. Bu kitaplar okyjylara hödürlenmek maksady bilen kitap sergileriniň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň we söhbetdeşlikleriň üsti bilen wagyz edilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hakyndaky Kararyna laýyklykda, kitaphana gaznasyny baýlaşdyrmak, okyjylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Täze kitaplaryň gelip gowuşmagy ýaş nesliň bilim derejesini artdyrmaga, okyjylaryň kitaba bolan gyzyklanmasyny güýçlendirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem täze neşirler arkaly ýurdumyzyň syýasy-medeni durmuşy, milli gymmatlyklary we häzirki döwrüň ösüşleri barada giňişleýin maglumat bermek göz öňünde tutulýar.