Lebap welaýat kitaphanasyna täze kitaplar gelip gowuşdy
Golaýda welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we “Galkynyş” kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar watanyň daýanjy” atly kitabynyň iňlis we rus dillerinde, “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabynyň iňlis, türkmen, rus dillerinde umumy 1650 sany gelen kitaplary
welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip kitap gaznasyna tabşyryldy we dessine şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlary kitaphanamyzyň elektron katalogynda, elepbiý we pudaklaýyn kataloklarynda hem ýerleşdirildi. Biziň kämil jemgyýetde döwrap ýaşamagymyz, zähmet çekmegimiz, ýaş nesle kitaplary mynasyp wagyz etmegimiz üçin uly
mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň yzak bolmagyny arzuw edýäris.