Lebap welaýat kitaphanasyna täze kitaplar geldi
Ýakynda Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Medeniýet minsitrliginden täze kitaplar gelip gowuşdy. Olar ylmy we çeper neşirlerdir.
Kitaphananyň gaznasyna täze gelip gowşan kitaplaryň arasynda geçen ýylyň noýabr aýynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» diýen at bilen geçirilen ylmy-amaly maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany, Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen şygyrlar diwany, Döwlet kitaphanasynyň alyş-çalyş gaznasyndan «Ýazyjy, žurnalist Soltanýaz Şaýymow (Doglan gününiň 60 ýyllygyna). Bibliografiýa görkezijisi» atly gollanma, şahyr Ejegyz Çaryýewanyň «Söz aslyna ýet ýagşy!», «Paýhas çeşmesi» ― il-gün onuň teşnesi» ýaly kitaplary bar.
Täze gelip gowşan neşirleriň resminamalary kitaphanamyzyň gaznasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylyp, olar okyjylara hödürlenilmäge doly taýýar edildi.