JEMGYÝET

Lebap welaýat häkimliginde maý aýyndaky kabul edişlikleriň geçiriljek seneleri belli boldy

Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça welaýat, şäher we etrap häkimliklerinde 2026-njy ýylyň maý aýynda kabul edişlikleriň geçiriljek seneleri mälim edildi. Şoňa laýyklykda, Lebap welaýat häkimliginiň topary tarapyndan raýatlaryň nobatdaky kabul edişligi 2026-njy ýylyň 12-nji we 16-njy maýynda geçiriler.
Kabul edişlikler görkezilen günlerde sagat 08:00-da başlanar. Şeýle hem şäher we etrap häkimliklerinde raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça kabul edişlikler 2026-njy ýylyň maý aýynyň şenbe günleri sagat 08:00-da başlanjakdygy habar berilýär.