Lebap welaýat häkimliginde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler sylaglandy. Welaýat häkimliginiň, syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärede enelere nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän hyzmatlary üçin hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli däp-dessurlary dowam etdirmekde we maşgala mukaddesligini gorap saklamakda eneleriň tutýan ornuny aýratyn nygtadylar. Dabara welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.
Lebap welaýat häkimliginde köp çagaly enelere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
10
Mar

