JEMGYÝET

Lebap welaýat häkimliginde iýun aýyndaky kabul edişlikleriň geçiriljek günleri belli boldy

Lebap welaýat häkimliginde raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça welaýat, şäher we etrap toparlarynyň 2026-njy ýylyň iýun aýynda raýatlary kabul etjek günleriniň tertibi mälim edildi. Bu barada welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna degişli bildiriş ýetirildi.
Bildirişe görä, Lebap welaýat häkimliginiň topary 2026-njy ýylyň 6-njy we 20-nji iýunynda raýatlary kabul eder. Kabul edişlikler görkezilen günlerde sagat 08:00-da başlanar.
Şeýle kabul edişlikleriň geçirilmegi raýatlaryň ýüz tutmalaryny diňlemek, olaryň tekliplerini, haýyşlaryny we degişli meselelerini kanunçylykda bellenilen tertipde öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.