Lebap welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi
Lebap welaýat häkimliginde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahata welaýatyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş işgärleri we il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, şol günlerde Gahryman Arkadagyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jiltiniň çapdan çykmagy bolsa türkmenistanlylar üçin iň ýakymly sowgat boldy. Çykyş edenler welaýatda şeýle kuwwatly kärhanany gurduryp, ulanmaga berendigi üçin Gahryman Arkadaga, Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler.
Maslahatyň alkyşlara, hoşallyklara we ajaýyp döwrüň eçilen belent bagtyna beslenen ruhy welaýatyň medeniýet, sungat işgärleriniň çykyşlarynda hem öz beýanyny tapdy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edildi.