Lebap welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet müdirliginiň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen milli mirasy we buýsanjy — bedew» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, ýaşuly nesliň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat atçylyk-sport toplumynyň, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan türkmen bedewleri barada çuňňur mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Dabaraly maslahatyň dowamy sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyz, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleri barada belent ruhly aýdymlara we joşgunly tanslara utgaşdy.
Lebap welaýat häkimliginde geçirilen maslahatda türkmen bedewi barada söhbet edildi
21
Apr

