TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýat häkimliginde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy

Lebap welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna we Kararyna laýyklykda döwlet sylaglary bilen sylaglanylanlara, şonuň ýaly-da «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary we baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli we zähmetde, döredijilik işinde gazanan netijeleri göz öňünde tutulyp, sylaga mynasyp bolan raýatlara ordenler we medallar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýraklary gowşuryldy.

Sylag alanlar soňky ýyllarda Türkmenistanda ýetilen sepgitler barada durup geçmek bilen, özleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin döwlet Baştutanynyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: