JEMGYÝET

Lebap welaýat häkimliginde dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglary gowşuryldy

Şu gün Lebap welaýat häkimliginde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döwlet sylaglary gowşuryldy.  

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlary bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly, döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Resminamalarda olaryň Watan öňümdäki hyzmatlarynyň, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetiniň nazara alynandygy, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ordenler, medallar bilen sylaglanylýandygy bellenilýär.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, raýatlaryň ençemesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy. Degişli resminama bilen, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hem jemlenildi. Ýeňijiler Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn zynjyry we pul sylaglary bilen sylaglanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: