TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýat häkimliginde dabaraly maslahat geçirildi

Lebap welaýat häkimliginde welaýat, Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň häkimleriniň, olaryň orunbasarlarynyň, il hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleri, oba hojalyk pudaklarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik gurmalarynyň gatnaşmaklarynda dabaraly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň dabaraly Döwlet maslahatynda eden çykyşyndan, gol çeken resminamalaryndan gelip çykýan wezipeler, olary ýerine ýetirmekde öňde durýan işler barada durup geçdiler. Hususanda, Döwlet baştutanynyň 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak hakynda gol çeken Kararynyň üstünde durup geçdiler. Olar oba hojalygynyň işgärleri barada edýän aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: